Ýazylan
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Gündogar Ýewropanyň ýolagçylaryň maglumatlary boýunça resmi däl iş toparynyň (EE IWG) dördünji ýyllyk mejlisine gatnaşdy. Bu forum 6 — 8-nji noýabr günleri Wena şäherinde geçirildi. Şol bir wagtyň özünde forumyň çäginde ýolagçylaryň maglumatlary boýunça sekizinji maslahat hem bolup geçdi.
Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, agzalan mejlislerde terrorçylyga we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde ýolagçy maglumatlarynyň jogapkärçilikli ulanylmagy, bu ugurda öňdebaryjy tejribeler, innowasiýa tehnologiýalary we halkara hyzmatdaşlygy boýunça pikir alşyldy.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti dürli ýurtlaryň hünärmenleri bilen öz milli tejribelerini paýlaşdylar, şeýle-de umumy tejribeler we iş modelleri barada çekişmelere gatnaşdylar.
Duşuşyklarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň we 2016-njy ýylda kabul edilen ÝHHG-niň ministrleriniň kararyna laýyklykda, serhetleri goramak we howpsuzlyk mehanizmlerini gowulandyrmak üçin API we PNR ulgamlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Forum ÝHHG hem-de BMG-niň Terroçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi tarapyndan bilelikde guraldy.