“Türkmen Älem 52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasynda DTH platformasy işe girizildi.

Ýazylan 01.09.2020

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i, Bolgariýanyň “Big Bang Web LTD” we Owganystan Yslam Respublikasynyň “Aref Marouf LTD” kompaniýalary bilen bilelikde DTH platformasyny işe girizdi. DTH taslamasy onlarça dürli tematikalardaky teleradiokanallardan ybarat bolup, “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň Günbatar şöhlesiniň ýapýan zolagyndaky öý hojalyklarynyň telegörüjilerine bir bukja esasynda plastik kartlar arkaly tölegli görnüşde ýaýlyma berler. Bu taslama emeli hemramyzyň 52.0E orbital nokadynyň abraýyny artdyrmaga hem-de, täze müşderileriň ünsini çekmäge ýardam berer.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.