Ýazylan
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Bu iri forum 120-den gowrak döwletiň, 80-den gowrak halkara guramanyň, şeýle hem iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Sammitiň gün tertibine laýyklykda, döwlet dolandyryşyny özgertmek we onuň netijeliligi, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, geljegiň jemgyýeti hem-de bilimi, durnuklylyk, täze ählumumy tagallalar, şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly esasy alty mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sammitiň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiziň halkara derejede öňe süren başlangyçlaryndan ugur alyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän üç meseläni beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek teklip edildi. Munuň özi 2016-njy ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatda badalga berlen “Aşgabat prosesiniň” amaly taýdan dowamy bolar. Bu teklip ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, açyk maglumat binýadynyň we seljermeleriň esasynda degişli ugurda özara ylalaşykly hereketleri işläp düzmäge gönükdirilendir.
“Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde edilen çykyşda bellenilişi ýaly, häzirki zaman şertlerinde durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge, ýüze çykýan wehimleri, kynçylyklary ýeňip geçmäge gönükdirilen oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegi uly ähmiýete eýe bolýar. Şunda Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy, ählumumy maksatlaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutýan garaýyşlary boýunça çemeleşmelerini we hereketlerini anyk kesgitleýändigine hem-de amala aşyrýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag arabaglanyşygy we durnuklylygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ykdysadyýetiň ählumumy derejede özgerýän şertlerinde durnukly ulag ulgamyny, özara logistik arabaglanyşygy ösdürmegiň, dünýä derejesinde ygtybarly ulag-kommunikasiýa düzümlerini kemala getirmegiň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.
Soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde degişli ugurda halkara dialog işjeň häsiýete eýe boldy. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda durnukly ulag ulgamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasynyň kabul edilendigi aýdyldy.
Ýurdumyzyň Bütindünýä hökümet sammitinde beýan eden täze başlangyçlarynyň, hususan-da, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek teklibi bilen baglylykda, onuň esasy düzüminiň şu wezipeleri öz içine almalydygy bellenildi:
— bilelikdäki uzak möhletleýin işleriň anyk yzygiderliligini üpjün etmekde hökümetleriň, halkara guramalaryň, barlag edaralarynyň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy;
— dürli gollanma çeşmelerini birleşdirýän seýrek maglumatlaryň alşylmagyny ýeňilleşdirýän açyk maglumatlar meýdançasy;
— hökümetara derejede özara ylalaşylan çözgütleriň esasynda maglumatlary yzygiderli seljermek we olary işlemek.
Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti çalt depginde ösdürmek maksady bilen, ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtamak gerek. Ýurdumyzda bar bolan ýol-ulag ulgamynyň durkuny täzelemek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze ýollary gurmak meseleleriniň üstünde işlenilýär, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek ugrunda işler güýçli depginde alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli we köpşahaly howpsuz halkara ulag düzümlerini döretmek boýunça başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunda döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy bellenilmäge mynasypdyr.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirilipdi. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilendigini hem bellemek möhümdir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň öňe süren «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary derejeli maslahaty geçirmek, bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek bilen bagly başlangyçlary bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. 2024-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanda geçirilmegi baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy bolsa ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyndaky nobatdaky üstünligidir. Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyk ägirt uly tebigy serişdeleri bolan we Ýewraziýa giňişligindäki esasy ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşen Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ösüşiniň meýillerine laýyk gelýär.
Ulag-kommunikasiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda geçirilýän ugurdaş pudaklaýyn forumlar hem bu ugurda gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Bütindünýä hökümet sammitinde Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek hem teklip edildi. Hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek babatda maksatlaryň bölünmezligi hem-de özara arabaglanyşygy onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ileri tutulýan ýörelgesi bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu aşakdaky wezipeleri çözmekde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna üns çekildi:
— hökümetleriň, energetika kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň hyzmatdaşlygynyň täze halkara meýdançasyny döretmek;
— energetika töwekgelçiliklerini dolandyrmak boýunça iň gowy tejribeleriň alşylmagyny üpjün etmek; energiýa serişdeleriniň üpjünçiliginde bökdençlikleriň ählumumy we sebit çözgütleriniň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak;
— halkara strategik ähmiýetli energetika düzümleriniň taslamalarynyň bilelikde maliýeleşdirilmegini goldamak; açyk, bäsdeşlige ukyply energetika bazarlaryny emele getirmekde hyzmatdaşlyk etmek.
Diýarymyz uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolup, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagy, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistan energetika howpsuzlygynyň häzirki döwrüň şertlerine we talaplaryna laýyk gelýän täze düzümini döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda energetikanyň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna we ösdürilmegine, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly orun degişlidir.
Ýangyç-energetika toplumynda üstünlikleriň gazanylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat-innowasion taýdan okgunly ösüşiniň binýadyny emele getirýär hem-de halkara energetika bazarynda öňdebaryjylaryň biri hökmünde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,6 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 199 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 106,9 göterim, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy bolsa 112,6 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, içerki we daşarky sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny hem üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin öňden özleşdirilip gelinýän ýataklarda degişli işleri geçirmek, täze, ýokary hilli tehnologik önümçilikleri döretmek arkaly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde uly wezipeler durýar. Şunda täze baý ýataklary ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg-barlag işleriniň geçirilmegine, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberiniň artdyrylmagyna, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna çykarmagyň dürli ugurlarynyň döredilmegine, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalaryň ulanylmagyna, şol sanda bu ugra ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalaryny we maýa goýumlary çekmegiň hasabyna burawlamak we guýulary düýpli abatlamak işlerini işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäde iri uglewodorod ýataklary hasaplanýan «Galkynyş», «Ýaşlar», «Garaköl», “Zäkli — Derweze”, «Garajaowlak» ýaly tebigy gaza, gaz kondensatyna baý beýleki känler ýurdumyzyň mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidýär. Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän, çuň burawlanmagyny talap edýän “Uzynada” gaz kondensaty ýatagynyň hem geljegi uludyr.
Türkmenistanyň Bütindünýä hökümet sammitinde beýan eden üçünji teklibi durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýan ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça Çarçuwaly ählumumy maksatnamany işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Şunda onuň düzüminde bitewi standart görkezijileri we hasabatlylygy ýöretmek, aýratyn wajyp tebigy serişdeler babatda halkara derejede hyzmatdaşlyk etmek, Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýetiň tehnologiýalarynyň ählumumy innowasion gaznasyny döretmek, mümkinçilikleri artdyrmak we tejribe alyşmak ýaly esasy dört ugur ileri tutulýan wezipe hökmünde görkezilýär. Agzalan teklipleri halkara derejede durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bu işleri amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halk hojalygy toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny bazar gatnaşyklary hem-de sanly ulgam esasynda özgertmek boýunça strategik wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi halkymyzyň durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmak üçin berk binýady döredýär.
Şeýlelikde, ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda täze başlangyçlary öňe sürmek bilen, Bitarap Türkmenistan howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.