Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Ýazylan

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek babatda degişli çäreler görülýär, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşini kesgitleýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Hereket edýän kanunçylyk namalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hususan-da, Mejlisiň wekilleri Türkmenistan — Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasynda iş saparynda boldular. Saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklarda toparyň işiniň kämilleşdirilmegi, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, parlamentler derejesinde duşuşyklardyr maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi barada pikir alşyldy. Mejlisiň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň guramagynda geçirilen Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummanyň ada döwletleriniň parlamentleriniň deputatlarynyň maslahatynyň çäginde geçirilen «Ylalaşygy çuňlaşdyrmak we ösüş üçin bilelikdäki tagallalar» atly okuw maslahatyna gatnaşandygy habar berildi.

Mejlisiň deputatlary döwlet syýasatynyň, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň we medeni mirasynyň ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça guralýan çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmelidigini belledi. Munuň özi döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge we ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ilki bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ähli halkymyza we bank ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra ol «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 27-nji noýabrynda paýtagtymyzda ýurdumyz bilen «VISA» amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek meselesi barada habar berdi. Onuň gün tertibine bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň täze tehnologiýalaryny we innowasiýalary özleşdirmek bilen bagly meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda halkara guramalar we daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, tejribe alyşmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Türkmenistan bilen bu kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, konserniň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 4 sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekin meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işi dowam edýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak boýunça işler geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär. Ýurdumyzda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak boýunça işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallar üçin ot-iýmleri taýýarlamak, ýorunja, arpa ideg etmek boýunça zerur çäreler dowam edýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine başlamak, şu ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan bugdaý ekişini guramaçylykly jemlemegiň, ýurdumyzda ýetişdirilen pagta we şaly hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini hem ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan ýerli çig maly netijeli peýdalanmak, «Guwlyduz» kombinatynyň önümçiligini giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ilki bilen, wise-premýer Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy toplumyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi ýaly, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän hem-de bäsdeşlige ukyply duzlaryň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça döwrebap önümçilikleri ýola goýmak, geljekde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda ýerli çig maldan halkara talaplara laýyk gelýän, lukmançylyk duzuny öndürmekde zerur bolan çig mallary öndürmek üçin ony ekologik taýdan arassa, ýokary hilli duz bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan arassa ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin döwrebap önümçilikleri ýola goýmagy dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň çäginde ýokary hilli duzlary öndürýän täze önümhanany gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Dokma senagaty ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň garamagyndaky kärhanalarda degişli tehnikalaryň, hususan-da, awtoulaglaryň bökdençsiz işledilmegi üçin netijeli çäreleriň görülýändigi hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak baradaky taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara kinofestiwalyň açylyş we ýapylyş, baýraklaryň gowşurylyş dabaralaryny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirmek göz öňünde tutulýar. «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türki halklaryň köpdürli medeniýetiniň wagyz edilmegine, ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän çäreleriň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa şu ýylyň 8 — 17-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy. Häzirki wagtda Diýarymyzda geçirilen iri halkara sport çärelerinde toplanan tejribelerden ugur alyp, ýaryşy ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýaryşa Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň we Gonkongyň, umumylykda, 12 döwletiň 70 sany türgeniniň, şeýle hem sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlaryň, Halkara Tennis federasiýasynyň medallarynyň we şahadatnamalarynyň gowşurylmagy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sporty ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny artdyrmak üçin netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, dürli derejedäki sport ýaryşlaryny geçirmek babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça halkara ýaryşy geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy gün tertibinde durýan meseleler babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şoňa görä, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşigi bilen özara hyzmatdaşlyk baradaky başlangyja aýratyn üns çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şundan ugur alnyp, 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça maksatlaryny ýene-de bir gezek tassyklamaga, dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky umumy tagallalaryna goşant goşmaga gönükdirilendir. «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça dürli halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, degişli ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, beýleki halkara düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň çäginde döredilen “MARS” atly sanly platformanyň işine işjeň gatnaşmaga hem uly ähmiýet berýär. «Ýol kartasyny» iş ýüzünde amala aşyrmak üçin metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça 2025-2026-njy ýyllarda çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, dürli halkara guramalar bilen bilelikde ylmy-amaly maslahatlary, «tegelek stol» duşuşyklaryny, okuw sapaklaryny we beýleki çäreleri geçirmek, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek babatda daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, innowasion we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ugurdaş gazy gaýtadan işlemek hem-de ulanmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde metan zyňyndylaryny azaltmak babatda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumatlary ýaýratmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda agzalan «Ýol kartasynyň» we ony durmuşa geçirmek üçin göz öňünde tutulan çäreler toplumynyň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara derejede öňde goýlan wezipeleri berjaý etmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda ählumumy çärelere goşýan goşandyny artdyrjakdygyny, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, foruma birnäçe halkara guramalaryň, önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan kompaniýalaryň 150-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara sergä bolsa daşary ýurt we ýerli kompaniýalaryň 60-dan köpüsiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu kompaniýalar sergide sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, maglumat goraglylygy, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, öýjükli aragatnaşygyň 5G ülňüleri ýaly ugurlarda gazanylanlar bilen tanyşdyrarlar. Şeýle hem forumyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Bütindünýä poçta birleşigi bilen bilelikde «Poçta ulgamyndaky sanly geçiş» atly okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräniň çäklerinde «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemi jemlener we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi we ylmy maslahat hem öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna halkara ähmiýetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 3-nji noýabrda ýurdumyzda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumyň işgärleri ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz hemmeleri gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.