Daşary ýurt kompaniýalary türkmen suwuklandyrylan gazyny 3,5 million dollara satyn aldylar

Ýazylan

TDH-nyň habar bermegine görä, geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Täjigistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 561 müň dollaryndan gowrak bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin polipropilen («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplük we nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 91 müň manatdan gowrak boldy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.