Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkiýäniň Respublika güni bilen gutlady

Ýazylan

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkiýe Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz berkitmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, taryhyň synagyndan geçen türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň bu gün baý tejribä eýedigini we syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ileri tutulýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň berk binýadyny emele getirýändigini nygtady. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy uzak möhletleýinlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.