Ýazylan
25-nji oktýabrda Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Mahmut Er bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýörelgelerinden ugur alýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary hem-de milli Parlamentiň kanunçykaryjylyk işi barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-türk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň dost-doganlyk, özara düşünişmek we ýakyndan goldamak esasynda işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Häzirki döwürde köpugurly gatnaşyklaryň ähli ugurlarda, şol sanda iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, şähergurluşyk, oba hojalygy we sport ulgamlarynda ýokary derejede ösdürilmeginiň möhümdigi bellenildi diýlip, çeşmäniň habarynda beýan edilýär.