Türkmenistan Halkara harby sport geňeşi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

Ýazylan

Brýusseldäki Halkara harby sport geňeşiniň (CISM) edara binasynda guramanyň Baş sekretary Harby deňiz güýçleriniň kapitany Roberto Rekkiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sport çärelerine gatnaşygy, geňeşiň alyp barýan işleri, başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi sportuň içerki we daşarky syýasatda möhüm orun alýandygyny aýtdy. Ol: «Türkmenistan üçin sport diňe bir milli maksatnamanyň bir bölegi bolman, eýsem halkara gatnaşyklarynda hem möhümdir. Biz sport başlangyçlaryny işjeň goldaýarys we 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmekdäki üstünlikli tejribämizi göz öňünde tutup, Türkmenistany iri halkara ýaryşlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde hödürlemäge taýýardyrys» diýip, belledi.

Geňeşiň Baş sekretary guramanyň işi barada jikme-jik belläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara derejede geçiriljek sport ýaryşlaryna has işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem, geňeşiň harby sporty ösdürmek we sport başlangyçlary arkaly halkara gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen öz işlerine mümkin boldugyça köp ýurtlary çekmäge synanyşýandygyny belläp geçdi.

Habarda bellenişi ýaly, türkmen tarapy hem Halkara harby sport geňeşi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Halkara harby sport geňeşi (CISM), 1948-nji ýylda döredilen halkara guramasy bolup, ol sport arkaly parahatçylygy we dostlugy ösdürmek üçin dürli ýurtlaryň harby gurluşlaryny birleşdirýär. CISM 140-dan gowrak ýurduň harby işgärleriniň gatnaşmagynda iri göwrümli sport çärelerini geçirýär.

Türkmenistan 2018-nji ýylda bu guramanyň agzasy boldy we şondan bäri geňeşiň howandarlygynda geçirilýän harby sport ýaryşlarynyň ösüşine işjeň goldaw berýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.