Türkmenistanyň Prezidenti TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Ýazylan

Şu gün Türkmenistanda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly badalga alýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow bu çärä gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

"Hormatly teatr festiwalyna gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýär. Biz Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Bu gurama tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly ýardam edýär. Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň, bagşy-sazandalarynyň, suratkeşleriniň TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda guralýan bäsleşiklere, festiwallara, sergilere, konsertlere işjeň gatnaşmaklary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Biz geljekde hem bu abraýly düzüm bilen medeni gatnaşyklary kämilleşdirmäge uly ähmiýet bereris.

Gadyrly dostlar!

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän çäreler beýik söz ussadynyň baý edebi mirasyny dünýäde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. 2022-nji ýylda TURKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen we türki dilli halklaryň döredijilik işgärleriniň hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge täze itergi berdi. Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän gymmatly şygyrlary medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin ylham çeşmesine öwrüldi.

Teatr festiwalynyň dowamynda geçiriljek TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň jemleýji maslahatynda, suratkeşleriň festiwalynda, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň duşuşygynda türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek we kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu bolsa dostlukly döwletleriň döredijilik wekilleriniň birek-birekden sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmegine, tejribe alyşmagyna ýardam berer. Bu festiwalyň türki döwletlerden medeniýet we sungat ussatlaryny, teatr toparlaryny ak mermerli Aşgabada jemlemek bilen, teatr sungatynyň jadyly güýjüni açyp görkezjek hakyky sungat baýramçylygyna öwrüljekdigine, sahna oýunlarynyň tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirli duýgulary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly teatr festiwalyna gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin".

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.