Türkmenistan Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek konwensiýasyna (FAL) goşulmak ugrundaky tagallalaryny işjeňleşdirýär

Ýazylan

Türkmenistan Halkara deňiz guramasynyň (IMO) goldawy bilen Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek konwensiýasyna (FAL) goşulmak ugrundaky tagallalaryny işjeňleşdirýär. Bu barada «nCa» portaly habar berdi.

Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek konwensiýasy — halkara deňiz daşamalarynda mümkin bolan iň ýokary netijeliligi gazanmaga, portlarda gämileriň, ýükleriň we ýolagçylaryň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün etmäge gönükdirilen ählimumy halkara ylalaşykdyr. Konwensiýa gämileriň porta gelmegi, gämileriň togtap geçmegi we ugramagy bilen baglanyşykly işleri ýönekeýleşdirmek üçin ülňüleri, düzgünleri we maslahat berilýän amallary öz içine alýar.

1-3-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňiz daşamalaryny ýönekeýleşdirmek boýunça milli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenbaşynyň halkara deňiz portundaky gämileri, ýükleri, ekipažlary we ýolagçylary gümrük taýdan resmileşdirmek üçin jogapkär ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylara Halkara deňiz gämi gatnawyny ýeňilleşdirmek konwensiýasyna girizilen soňky üýtgetmeler barada möhüm maglumatlar berildi.

Maslahat «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan Halkara deňiz guramasy bilen Toplumlaýyn tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde guraldy diýlip, çeşmede bellenilýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.