"Türkmen hemrasy" ÝGPJ-i 5 ýyl hemra bazarynda

Ýazylan 14 July 2020

“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, özüniň döredilen gününden bäri, ýagny 2015 – nji ýyldan başlap şu günki güne çenli “TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygynyň operatory bolmak bilen, ýurdumyzyň çäginde we daşynda dürli kompaniýalara, edara we kärhanalara ýokary hilli hemra hyzmatlaryny ýerine ýetirip gelýär.

5 ýylyň içinde jemgyýetimiziň hünärmenleri hemra bazarynda uly tejribe gazanmak bilen, emeli hemramyzyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekde we orbital 52.0E nokadyny abraýyny artdyrmakda bu günki gün işlerini dowam etdirýärler.

Eger-de siz, biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin bilmek isleseňiz ýa-da sizde soraglar ýüze çykan bolsa, onda haýyş edýäs, biz bilen habarlaşyn.