Ýazylan
3-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň işine Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.
Gahryman Arkadagymyz mejlisi açmak bilen, Prezidiumyň agzalaryna ýüzlenip, ýakynda berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede, giňden bellenilip geçilendigini, halkymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly üstünlikler bilen garşylandygyny aýtdy.
Bilşiňiz ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi diýip, Milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini çagyrdyk diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de onuň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly soraglaryň girizilendigini belledi.
Milli Liderimiz mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandyklaryny aýdyp, gün tertibiniň birinji soragyna geçmek bilen, onuň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler hakyndadygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly Permana hem gol çekendigine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi hem-de bu barada we forumyň netijeleri boýunça çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.
R.Meredowyň belleýşi ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň dürli ugurlary bilen bagly strategik meselelere seredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň eden taryhy çykyşynda Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek, uzak möhlete gönükdirilen maksatlar baradaky mümkinçiliklere seljerme berildi. Hususan-da, ýurdumyzyň daşary syýasaty barada durlup geçilip, 2025-nji ýylda şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň halkara derejede giňden belleniljekdigi aýdyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda wise-premýer türkmen halkynyň Milli Lideriniň: “Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga hem-de agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr” diýip, Halk Maslahatynyň mejlisinde aýdan sözlerini mysal getirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hem öz çykyşynda döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat ugruna uly üns berdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri, abraýly halkara guramalar, hususan-da, BMG bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň görnüşde amala aşyrýandygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde seredilen meselelerden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisine, Ministrler Kabinetine, Daşary işler ministrligine, syýasy partiýalara we jemgyýetçilik guramalaryna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly dabaralardyr çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek hem-de bu babatda döwlet guramaçylyk toparyny döretmek tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer geçiriljek çäreleriň we dabaralaryň meýilnamasyny taýýarlamagy teklip etdi. Meýilnamada Bitaraplyk syýasaty, parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy berkitmek, dialog medeniýetini ösdürmek, howanyň üýtgemegi, ekologiýa meselelerine bagyşlanan dürli dabaralardyr çäreler öz beýanyny tapar. Hususan-da, 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetilen sepgitleriň netijeleri we dünýä syýasatynyň geljegi bilen bagly meselelere bagyşlanan halkara forumy, parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara parlament dialogyny, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygyny, dialogy, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde zenanlaryň orny barada halkara maslahaty, parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça ýaşlaryň halkara duşuşygyny, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda parahatçylyga, ynanyşmaga we Bitaraplyga bagyşlanan halkara maslahaty, ýylyň ikinji ýarymynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek Ženewa parahatçylyk hepdeliginiň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli halkara çäreleri, 2025-nji ýylyň dowamynda BMG-niň Wena şäherinde ýerleşýän halkara merkezinde dostluk dabarasyny geçirmek teklip edildi.
R.Meredow Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda uly tagallalary edýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkymyza sowgat eden ajaýyp goşgusynda parahatçylyk, ynanyşmak ideýalarynyň aýdyň beýan edilýändigini hem-de asudalygy, howpsuzlygy berkitmekde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny açyp görkezýändigini nygtady. Ol çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyny Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklary esasynda ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli zerur işleriň geçiriljekdigine ynandyrdy.
Milli Liderimiz çykyşy diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini nygtap, munuň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini görkezýändigini belledi. Biz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan ugur alyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaralarydyr çäreleri guramaçylykly geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmelidigini nygtady. Şonuň ýaly-da, 2025-nji ýylda örän möhüm taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny uly üstünlikler bilen garşylamaga düýpli taýýarlyk görmeli.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri indiki meselä geçip, ýurdumyzyň ylym-bilim, saglyk, sport ulgamlarynda, ýaşlary kämil derejede ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, öňde durýan wezipeler, Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» barada çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa söz berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzy ösdürmek bilen bagly toplumlaýyn meseleler ara alny