Ýazylan
Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen, Ýewropa Komissiýasynyň Baş direktorynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça geňeşçisi Henrik Hololeý, şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Aziýa ösüş bankynyň, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda utgaşdyryjy platforma Hazarüsti halkara ulag geçelgesini Ýewropa bilen Merkezi Aziýany has durnukly we çalt baglanyşdyrýan ulag geçelgesine öwürmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrýar. Ýurdumyz bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda dürli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça şu günki ýokary derejeli duşuşyk hem munuň aýdyň mysalydyr. Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanyp geçirilýän bu halkara çäre sebit hem sebitara gatnaşyklary ilerletmek, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, dünýä tejribesi we pudagy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan sebit, yklym ýurtlarynyň arasynda ulag-logistika hyzmatlarynyň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Milli ulag düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýetli hyzmatdaşlygy bellenilmäge mynasypdyr.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilendigini-de nygtamak möhümdir.
Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şeýle netijeli hyzmatdaşlyk ägirt uly tebigy serişdeleri bolan we Ýewraziýa giňişligindäki esasy ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşen Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ösüşiniň meýillerine laýyk gelýär. Duşuşyga gatnaşan daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi, ulag arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde wajyp ähmiýete eýedir. Bu täze utgaşdyryjy platforma Hazarüsti ulag geçelgesiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we ony Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan multimodal ulag ugruna öwürmäge gönükdirilendir.
Ulag ulgamynyň täzeçil usullaryna geçilýän şertlerde ykdysady ösüşi üpjün etmek örän ähmiýetli ugurlaryň biridir. Ol halkara söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär, tebigy serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar, telekeçiligiň ösdürilmegine ýardam edýär. Hazarüsti halkara ulag geçelgesi Ýewropa bilen Aziýany baglanyşdyrýan esasy ulag ugrudyr. Onuň ösdürilmegi sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ýük daşamalaryň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, dünýäniň öňdebaryjy işewür toparlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ýokary derejesi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şeýle hem Türkmenistanda amatly hukuk we maliýe-ykdysady şertleriň döredilmegi gyzyklanma bildirýän taraplaryň geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaklaryna giň ýol açýar. Täze utgaşdyryjy platforma demir ýol, awtomobil, port infrastrukturasyna maýa goýumlary höweslendirer, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag geçelgeleriniň howpsuzlygyny, durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Bu platformanyň çäklerindäki bilelikdäki iş diňe bir ulag infrastrukturasyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ulag ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny hem çaltlandyrar.
Duşuşygyň ahyrynda utgaşdyryjy platformanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Hazarüsti ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmäge we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.