Ýazylan 14.02.2024
13-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Leonardo S.p.A.»
italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Italiýanyň işewür
toparlarynyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty
durmuşa geçirýän hem-de dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeler
maksatnamalaryny, taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli
gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunda Italiýa
Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen
netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy
tassyklanyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri
bolup durýandygyny belledi. Özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgeleri
esasynda guralýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.
Döwlet Baştutany şular barada aýtmak bilen, «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň
ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň barşynda meýilleşdirilen
ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam
etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan
daşary syýasat ugruny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň we Italiýa
Respublikasynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara
guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde
üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Italiýanyň ýurdumyzyň ählumumy
parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen
başlangyçlaryny goldaýandygy munuň aýdyň beýanydyr.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen
baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-
ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy
bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň döwletara dialogy pugtalandyrmakda
möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Soňky ýyllarda köpugurly mümkinçiliklere
eýe bolan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma
bildirilýändigi beýan edildi. Munuň üçin ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan,
ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary
işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler bilen şertlendirilen uly
mümkinçilikler bar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda emeli hemra ulgamynda
hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň öz tarapyndan «Leonardo S.p.A.» kompaniýasynyň anyk
tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.
Işewür döwlet Baştutanyna hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça
geçirilen netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, italiýaly
hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli
çemeleşjekdiklerini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we «Leonardo
S.p.A.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň we
meşhur italýan kompaniýasynyň işewür gatnaşyklary uzak möhletleýinlik, özara
bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.