Türkmenistan — «Airbus» kompaniýasy: kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýazylan 07.02.2024

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewiň hem-de wekilleri Fransiýa Respublikasynyň «Airbus» kompaniýasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Žak Garrigeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu ýerde «Airbus» kompaniýasy Türkmenistana Ýeriň üstüne uzak aralykdan gözegçilik etmek hem-de surata düşürmek hyzmatyny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirmekde netijeli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Duşuşygyň barşynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Airbus» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de tejribeleri alyşmakda möhüm ädime öwrüler.

«Airbus» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk taraplar üçin ajaýyp hem özboluşly mümkinçilikleri açar. Çünki halkara giňişliginde, şol sanda iň iri kompaniýalar tarapyndan ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan ýurdumyzda kosmos ugrunyň ösüşine, tehnologiýalar dünýäsiniň gazananlaryna diýseň uly orun berilýär. Bu hakykat «Airbus» kompaniýasynyň agzalaryndan ybarat bolan wekiliýet bilen guralan duşuşykda giňişleýin beýanyny tapdy.

Eger-de siz, biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin bilmek isleseňiz ýa-da sizde soraglar ýüze çykan bolsa, onda haýyş edýäs, biz bilen habarlaşyn.