Ýazylan
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli, 20-nji sentýabrda Aşgabadyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan guruldy. 9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde döwrebap binagärlik çözgütleri peýdalanyldy. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem bu ýerde ýaşaýjylaryň mynasyp dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen seýilgäh guruldy. Seýilgähiň çäginde dürli görnüşli saýaly baglar ekilip, ýaşyl zolaklar döredildi.
Dabara gatnaşyjylar täze jaýlarda rahat ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Şanly waka mynasybetli milli dessurlar berjaý edildi, öýlerde saçaklar giňden ýazylyp, jaý toýlary tutuldy.
Dabara gatnaşyjylary çagalar aýdym-saz toparlary şowhunly çykyşlary bilen garşy aldylar, şeýle hem türgenler ussatlyklaryny görkezdiler. Dabaranyň dowamynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.