Ýazylan
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorji Baýarhuu bilen duşuşdy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasy edaralarynyň üsti bilen ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk beýan edildi.
Taraplar şu ýylyň güýzünde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak döwlet saparyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdiler.