"Türkmen hemrasy" ÝGPJ-I we "UZ-SAT" kompaniýasy, özbek tele we radio kanallaryny “TürkmenÄlem52°E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly ýaýlama berip başlady

Ýazylan

Aşgabat, Türkmenistan, 02.09.2024.ý – Hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny öňdebaryjy üpjün edijilerinden biri bolan “UZ–SAT” kompaniýasy we Türkmenistanyň Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň operatory “Türkmen Hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “TürkmenÄlem52°E” hemrasy arkaly tele we radio kanallary ýaýlyma bermek üçin şertnama baglaşdy.

Täze şertnama laýyklykda, “UZ-SAT” kompaniýasy, “TurkmenAlem52°E” emeli aragatnaşyk hemrasynyň Gündogar şöhlesiniň transponderinde Ýewropada, Russiýada we Merkezi Aziýada HD we SD görnüşinde 20-den gowrak özbek tele we radio kanallaryny ýaýlyma berer. tele we radio kanallaryny kabul edip tomaşa etmek üçin maglumatlary şu baglanyşykdan tapyp bilersiňiz https://www.lyngsat.com/TurkmenAlem-MonacoSat.html

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.