«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde « Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez hazynadyr» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
Ýazylan 24.01.2024
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr, hünärmenleriniň gatnaşmagynda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler 2024-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp atlandyrylmagynyň, türkmen halkyny has-da buýsandyrandygyny belläp geçdiler.
Çünki, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen döwletiniň we agzybir türkmen halkynyň dünýäniň ýüzünde ýeten belent derejesidir.
Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Maslahatyň ahyrynda ildeşlerimiz, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň taryhy-medeni mirasyny aýawly gorap saklamaga we ony dünýä ýaýmaga gönükdirilen daşary syýasaty we medeni diplomatiýasynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.