Ýazylan
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Yrak Respublikasynyň daşary işler ministri Fuad Hüseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, söhbetdeşlikde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.
Şol bir wagtyň özünde, iň ýokary we ýokary derejelerde ikitaraplaýyn saparlaryň alyş-çalşyna, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde ikitaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine aýratyn üns berildi.
Ministrler sebit we halkara gün tertibinäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini we zerurdygyny bellediler.