Ýazylan
Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Şu gün iki ýurduň durmuşynda taryhy waka bolup geçýär. Bu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys.
Iri ýedi taslama — Türkmenistan — Owganystan— Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Mary welaýatynyň çäginde «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna badalga berilýär. Şeýle hem Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň we “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerine başlanýar. Mundan başga-da, Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metr bolan demir ýol köprüsi ulanmaga berilýär. Sizi bu şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly adamlar!
Türkmen-owgan gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän köpasyrlyk taryhy kökleri bar. Hemme döwürlerde-de özara hormat, mertebe, deňhukuklylyk, deňagramlylyk, dost-doganlyk nyşany şu güne çenli dowam edip gelýär. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýar. Özara hyzmatdaşlyk bilelikdäki giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlary desgalarynyň döredilmeginde, täze ulag, kommunikasiýa, energetika ugurlarynyň kemala getirilmeginde öz beýanyny tapýar.
Biz Owganystan bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürýäris. Bu iri möçberli we geljegi uly taslamalar bolsa türkmen-owgan dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze taryhy sahypany açýar.
Owgan doganlarymyzy we hyzmatdaşlarymyzy Türkmenistanyň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara giňişlikde hem Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady, syýasy-diplomatik goldawy mundan beýläk-de berjekdigine ynandyrmak isleýärin.
Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!
Türkmen we owgan taraplarynyň gatnaşmagynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny bellemek isleýärin. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan— Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan— Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny görkezmek bolar. Durmuşa geçirilýän täze taslamalar barada aýdylanda, olaryň diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklary üçin däl, eýsem, sebit üçinem, dünýä üçinem ähmiýetli taslamalar boljakdygyna berk ynanýaryn.
Uly ähmiýetli bu desgalaryň düýbüniň tutulmagy we ulanmaga berilmegi Owganystanyň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berer. Şeýle hem olar Owganystanyň senagat, durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň netijeli işlemegine ýardam eder.
Hasaplamalara görä, bu taslamalar amala aşyrylanda, owgan halky üçin iň azyndan 12 müňden gowrak iş orny dörediler. Her ýyl Owganystana, ortaça, 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişde gelip gowşar. Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem, sebite hem öz oňyn täsirini ýetirer. Şoňa görä-de, bu taslamalar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir. Türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine, abadançylygyna gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da, biziň maksatlarymyz ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmekden ugur alýar.
Eziz doganlarymyza, goňşularymyza biziň bilen bilelikde bu taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýandyklary üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýärin.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Täze desgalaryň ulanmaga berilmegi we birnäçe desgalaryň gurluşygyna ak pata berilmegi bilen, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek üçin täze şertler döreýär. Bu taslamalaryň ykdysady, senagat we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem örän möhüm ähmiýeti bardyr. Olar Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň örän giň, çalt depginler bilen ösýän sebitlerine we bazarlaryna harytlarydyr hyzmatlary çykarmaga, logistika mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam berýär. Bu işleriň ählisi, öz nobatynda, sebitde howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam edýär. Owgan ugrunda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertler döreýär. Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň uzak möhletleýin strategiýasyna doly laýyk gelýär. Munuň özi Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň, olara ýanaşyk ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge niýetlenendir.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň alyp barýan halkara ugrunyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär. Ulag, energetika ulgamlarynda tekliplerimize dünýäde barha uly üns berilýär. Bu ugurda Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren Kararnamalarynyň taslamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu gün biz şol başlangyçlaryň we teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Biziň uly ýoluň — täze taryhy tapgyryň başynda durandygymyzy aýratyn bellemek isleýärin. Biz geljekde-de iki doganlyk ýurt we halk üçin hem, beýleki döwletler üçin hem ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýene-de köp sanly täze taslamalary amala aşyrarys.
Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!
Men siziň ähliňizi uly ähmiýetli taslamalaryň gurluşygyna ak pata berilmegi, täze desgalaryň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Esasan-da, bu günki dabara gatnaşýan goňşularymyza, doganlarymyza, wekiliýet agzalaryna, aýratyn-da, ýolbaşçylaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan minnetdarlyk bildirýärin. Size uly üstünlikleri arzuw edýärin.