Türkmenistan Aýlagdaky arap ýurtlary bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy teklip edýär

Ýazylan

Brýussel şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Mongoliýanyň ilçileriniň ilkinji duşuşygynda Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyjyny öňe sürdi. Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow özara gatnaşyklaryň hemişelik mehanizmini döretmegi, şol sanda daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli duşuşyklary, şeýle hem iki sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda forumlaryny we medeni alyş-çalyşlary guramagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň esasy temasy 2023-nji ýylyň iýul aýynda Saud Arabystanynda geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleriniň sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Gatnaşanlar, esasan hem, söwda, maýa goýum we ulag-logistika ýaly ugurlarda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýakyn wagtda geçiriljek Aýlagdaky arap döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi — Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi sammitlerine taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda Aýlagdaky arap ýurtlarynyň durnukly maýadarlar we ygtybarly hyzmatdaşlar hökmündäki ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda Aýlagdaky arap ýurtlaryndan bolan kompaniýalaryň ýurduň, esasan hem, nebit-gaz pudagynyň we ulag geçelgeleriniň ösmeginde işjeň gatnaşandygy aýratyn nygtalyp geçildi.

Diplomatlar bu duşuşygyň iki sebitiň ösüşine goşant goşjak anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly pikir alyşmak üçin möhüm platforma bolandygyny bellediler.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.