Ýazylan
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri!
Mähriban çagalar!
Sizi beýik baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş ýyldyzlary bolan siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan belent sepgitleri we ýeňişleri, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, bagtyýarlygy wasp edýän, ýüreklerimize ylham, kalbymyza joşgun berýän ajaýyp sungat eserleriňiz — hoş owazly aýdymlaryňyz, şirin sazlaryňyz elmydama belentden ýaňlanyp dursun!
Eziz körpeler!
Biziň Watanymyz aýdym-saz sungatynyň dörän iň gadymy ojaklarynyň biridir. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyndaky we jahana ýaýramagyndaky orny, senetçilige, ussaçylyga, külalçylyga, zergärçilige, halyçylyga, binagärlige, seýisçilige, aýratyn-da, aýdym we saz sungatynyň kämilleşmegine goşan goşandy çäksizdir. Asyrlaryň dowamynda ussat bagşy-sazandalarymyzdyr ozanlarymyzyň zehini hem-de ylhamy bilen türkmen dutarynyň, gyjagynyň, gargy tüýdüginiň, gopuzynyň mylaýym owazyndan kalplary lerzana getirýän şirin mukamlardyr aýdymlar, bu gymmatly senediň dürli-dürli ugurlary hem-de mekdepleri döredilipdir. Garadäli Gökleň, Kel bagşy, Şükür bagşy, Weýran bagşy, Amangeldi Gönübek, Nobat bagşy, Sahy bagşy, Pälwan bagşy, Magtymguly Garly, Gurt Ýakubow, Juma Wellekow ýaly türkmen saz sungatynyň ägirtleri şabram şelpeli, şirin nagmaly aýdym-sazlary arkaly parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi, jebisligi ündäp, watansöýüji we ynsanperwer nesilleri terbiýeläpdirler.
«Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem biziň milli aýdym-saz sungatymyzyň dünýä medeniýetinde tutýan ornunyň örän beýikdigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Mähriban çagalar!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe siziň durmuşyňyzyň bagtyýar bolmagyny, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, mähriban ýurdumyza we eziz halkymyza wepalylygyň belent ruhunda terbiýelenmegiňizi, döwrebap bilim almagyňyzy üpjün etmek ugrunda örän möhüm işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze mekdepler, çagalar baglary, medeni-dynç alyş, sport maksatly desgalar depginli gurlup, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.
Siziň juwan kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp sungat eserleriňizde eziz Watanymyz, Garaşsyzlygymyz hem-de Bitaraplygymyz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz, beýik döwrümiz, gözel tebigatymyz, milli ýörelgelerimiz joşgunly wasp edilýär, ýüreklerimize egsilmez şatlyk, joşgun paýlaýar, belent maksatlara tarap barýan ýolumyzda bizi mäkäm jebisleşdirýär. Dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleri hökmünde siz ata-babalarymyzyň öwüt-nesihatlaryna, ynsanperwer ýörelgelerine pugta eýerip, milli medeniýetimize, aýdym-saz sungatymyza bolan söýgiňiz, buýsanjyňyz bilen dostlugy, ynsanperwerligi, bagtyýarlygy has-da yhlasly wasp etmelisiňiz.
Bagtyýar körpeler!
Mähriban çagalar!
Sizi ýurdumyzyň milli baýramyna — Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, çaga kalbyňyzda beslän päk arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, eziz Watanymyzyň, halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermegiňizi arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.