Eýrana iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň ýollar we şäher gurluşygy ministri bilen söhbetdeşlik geçirdi

Ýazylan

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy.

Tähran şäheriniň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýokary wezipeli resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi boldy.

Gahryman Arkadagymyz we hanym Farzane Sadeg Malwajerd ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň netijelidigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar. Munuň özi köp babatda köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýan iki ýurduň garaýyşlary bilen şertlendirilendir.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.