Ýazylan
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, arassalanan pagta galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 828 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 25 million 630 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny we el halylaryny satyn aldylar.