ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýazylan

23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi.

Taraplar ylym we bilim ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.