Ýazylan
22-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Duşuşykda taraplar şäher gurluşygy, ýol-ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak we suwaryş ulgamlaryny gurmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistanda meýilleşdirilýän iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirmekde we «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň üstünlikli köp ýyllyk tejribesini nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi dogrusynda pikir alyşdylar.