Aşgabatda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşylýar

Ýazylan 06.12.2023

5-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda “tegelek stol” görnüşinde Türkmenistan – ABŞ işewürlik forumy geçirildi.
Türkmenistan – ABŞ işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart forumyň açylyşynda çykyş etdi. Pandemiýa sebäpli ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklarda käbir bökdençliklere garamazdan hemme zadyň ahyrsoňy kadaly ýagdaýa gelendigini aýtdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Iki sagada golaý dowam eden forumyň ahyrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we “Case New Holland” kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.