Türkmenistanda etrap, şäher we welaýat derejesinde pedagoglaryň maslahatlary geçirildi

Ýazylan

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatlary geçirildi. Olarda bilim özgertmeleriniň ileri tutulýan wezipeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, 12 — 17-nji awgustda etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary, 19-njy awgustda etrap (şäher) maslahatlary, 20-nji awgustda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş bilim müdirliklerinde maslahatlar guraldy. Olarda bilim işgärleriniň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekdäki wezipeleri, geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler hem-de täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işler barada pikir alşylyp, olary durmuşa geçirmegiň netijeli çözgütleri beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýeten sepgitleri we täze gözýetimleri, bilimiň sanly gurşawyny emele getirmek, innowasion bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli işler hakynda aýdyldy. Bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuw maksatnamalary, okuw kitaplary we gollanmalary kämilleşdirildi. Olaryň mazmunyna zerur bolan goşmaça maglumatlar girizildi. Täze kitaplar neşir edildi. Awgust maslahatlarynda Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramagyň usullarydyr bu ugurdaky çäreler hem maslahatlaşyldy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.