Ýazylan
10-njy sentýabrda Stambul şäherinde “Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan” işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Bu barada Report habarlar agentligi Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklarynyň Komitetine salgylanyp habar berýär. Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň ýolbaşçylygynda Daşary ykdysady gatnaşyklarynyň Komiteti bu forumyň guramaçysy bolup çykyş edýär.
Komitetiň berýän maglumatlaryna görä, maslahata Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew gatnaşarlar.
DEIK Komitetiň habar bermegine görä, “maslahatyň işine üç ýurduň işewürlik edaralarynyň ýolbaşçylary we işewürleri hem gatnaşar”.