Türkmenistanda ulag sürmek kurslaryna ýazylmak e.gov.tm döwlet hyzmatlary portaly arkaly onlaýn elýeterlidir

Ýazylan

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin kurslara e.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly arkaly onlaýn ýazylmak mümkinçiligi döredilendir. Bu hyzmat raýatlara öýden çykmаzdan, isleýän kategoriýasyny saýlamaga, zerur maglumatlary doldurmaga we okuw üçin töleg etmäge mümkinçilik berýär. Ýazgy e.gov.tm portalyndaky "Awtomobil mekdepleriniň birleşigi" bölüminde elýeterlidir.

Ulanyjylar sürüjilik şahadatnamasynyň bäş kategoriýalarynyň birini saýlap bilerler: B, BC, C, D ýa-da E. Okuw bahasy saýlanan kategoriýa we kursuň dowamlylygyna baglylykda üýtgeýär.

Töleg "Altyn Asyr" ulgamynyň bank kartlary bilen amala aşyrylýar:

B - 2.5 aý - 140 sagat - 580 TMT
B-C - 3.5 aý - 200 sagat - 748 TMT
C - 1.5 aý - 116 sagat 482 TMT
D - 2 aý - 100 sagat 440 TMT
E - 1.5 aý - 60 sagat 390 TMT.

Kurslara ýazylmak üçin pasportyň nusgasy, lukmançylyk kepilnamasy we suratlar ýaly birnäçe resminamalary ibermek zerurdyr. Portal bu resminamalary elektron görnüşde ýüklemäge mümkinçilik berýär, bu bolsa amaly ep-esli ýeňilleşdirýär: e.gov.tm/service/awtomekdep

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.