Türkmen wekiliýeti Eýranyň Ylym we tehnologiýalar parkyna baryp gördi

Ýazylan

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlarydyr ylmy işgärleri Eýranyň Horasan-Razawi welaýatynyň Maşat şäherindäki Ylym we tehnologiýalar parkyna tanyşlyk saparyny guradylar.

Üç günlük saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri parkyň nebithimiýa, elektron we beýleki ugurlardaky mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Bu barada ISNA salgylanyp Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Ylmy-barlag we tehnologiki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şeýle hem tejribe alyşmak maksadyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «Horasan» Ylym we tehnologiýalar parkynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşmak teklip edildi.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda iki goňşy ýurduň arasynda ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alşyldy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.