BMGÖM we Türkmenistan ýurtda ulag hyzmatlarynyň statistikasyny gowulandyrýar

Ýazylan

15-nji awgustda BMGÖM bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň bilelikde durmuşa geçirýän Türkmenistanda söwda we ulag statistikasyny gowulandyrmak taslamasynyň çäginde tegelek stol geçirildi.

Tegelek stoluň maksady ýük we ýolagçy ulaglarynyň statistikasyndaky häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem bu görkezijileri gowulandyrmak üçin teklipleri işläp düzmekden ybarat boldy. Çäräniň dowamynda harytlary we ýolagçylary daşamak boýunça nusga gözlegini geçirmek üçin usulyýet, anketa we iş meýilnamasy görkezildi.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanda BMGÖM we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan gol çekilen ýurdumyzda söwda we ulag statistikasyny gowulandyrmak baradaky taslama, hyzmatlardaky daşary we içerki söwda boýunça statistikanyň hilini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.