Ýazylan
Kabulda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow hem-de "TAPI Pipeline Company Limited" kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystanyň çäginde TOPH turba geçirijisiniň dowam etdirilmegine taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşary işler ministri Owganystanda TOPH turba geçirijisiniň gurulmagy onuň ýurdy üçin ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, degişli owgan edaralary taslama boýunça öz işlerini tamamladylar diýip aýtdy.
Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilşi ýaly, Muttaki Owganystanda TOPH boýunça teribe işleriniň ýakyn wagtda başlajakdygyna umyt bildirdi.
Türkmen tarapy hem öz serhedinden başlap turba geçirijisiniň gurluşyna taýýardygyny tassyklap, ýakyn wagtda bu işleriň başlanylmagyna garaşylýar diýip belledi.