“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i we “Chinar Media” kompaniýasy şertnama baglaşdy

Ýazylan 31.01.2020

Aşgabat, Türkmenistan, 2020-nji ýylyň ýanwar aýy, “Chinar Media” - Owganystan Yslam Respublikasynyň Media ugry boýunça esasy kompaniýalaryň biri bolmagy bilen, ýurduň ähli çäklerinde Fly Away we göni ýaýlym (SNG) hyzmatlaryny owgan döwlet we hususy teleýaýlymalaryna yzygiderli üpjün edýär.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i we “Chinar Media” kompaniýasy, “TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly Owganystan Yslam Respublikasynyň çäginde we daşynda göni ýaýlym (SNG) hyzmatlaryny üpjün etmek maksatlaryndan ugur alyp, degişli iki taraplaýyn bähbitli şertnama gol çekdi.

“TürkmenÄlem 52.0E” emeli hemra aragatnaşynyň ýerine ýetirýän hyzmatlaryny bähbitli peýdalanyp bilmek, biziň kompaniýamyz üçin täze sebgitleriň biri bolup durýar. Gol çekilen şertnama bilen baglylykda, uzakmöhletleýin bähbitli hyzmatdaşlygy ýerine ýetiriljekdigine berk ynanýaryn” diýip - “Chinar Media” kompaniýasynyň direktory Ahmed Mengli belläp geçdi.

Öz nobatynda, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i direktory Batyr Orazdurdyýew - “Häzirki wagtda onlarça owgan döwlet we hususy teleýaýlymalary “TürkmenÄlem 52.0E” emeli hemra aragatnaşygy arkaly üstünlikli ýaýlyma berilýär. Owgan halkynyň telegörüjileri üçin biziň Milli emeli hemramyz Media Platforma ugrynda öňdebaryjylaryň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. “Chinar Media” kompaniýasy bilen göni ýaýlym(SNG) hyzmatlaryny üpjün etmek boýunça gol çekilen şertnama hem, sebitde emeli hemramyzyň ýerine ýetirýän hyzmatlaryny ýaýbaňlyndarmakdyr” diýip belledi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.