Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ýazylan

9-njy awgustda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki goňşy ýurduň ýolbaşçylary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Duşuşygyň başynda iki dostlukly döwletiň Baştutanlary ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan däp bolan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu duşuşygy geçirmek başlangyjy, şeýle hem onuň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlary, şol sanda ykdysadyýet, söwda, ulag, medeniýet we beýleki möhüm ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy.

Özbegistanyň Prezidenti giň ugurlar, şol sanda oba hojalyk, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklar boýunça özbek-türkmen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, öz nobatynda, iki döwletiň çäklerinde Söwda öýleriniň açylmagynyň hem-de ykdysady forumlaryň geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlaryna degip geçmek bilen, Türkmenistan bilen Özbegistanyň Merkezi Aziýanyň, Hytaýyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmek üçin zerur şertler döretmek boýunça tagallalaryny birleşdirip biljekdiklerini aýdyp, ulag pudagyna aýratyn üns çekdi.

Energetika ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ylalaşyklara laýyklykda, 2019-njy ýylyň dekabr aýyndan başlap, türkmen elektrik energiýasy Özbegistana iberilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň bu dostlukly goňşy ýurda tebigy gaz ugradylýar.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli döwürlerde hem halklary birleşdirýän, dostlugyň we özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär. Dünýäde ykrar edilen türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, bu şanly sene mynasybetli biziň ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda, şol sanda Özbegistanda köpsanly dabaralar guralýar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.