«Türkmentel — 2023» atly xvi halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň çäginde birnäçe resminamalara gol çekildi

Ýazylan 10.11.2023

Maslahatyň işiniň birinji gününiň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça Döwlet gullugynyň arasynda maglumat howpsuzlygy ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «ELINC China Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Fransiýanyň «Thales Alenia Space France SAS» hem-de «Eutelsat» kompaniýasynyň arasynda gizlinlik we aýan etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Şu gün — 10-njy noýabrda «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergi we ylmy maslahat ugurdaş mejlislerde öz işini dowam edýär. Olaryň gün tertibine aragatnaşyk, hemra tehnologiýalary, ykdysadyýetde sanly goşundylar we hyzmatlar, sanly öwrülişik hem-de sanly jemgyýeti ösdürmek bilen bagly meseleler giriziler.
Forumyň jemleýji gününde oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek, degişli güwänamalary gowşurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de talyplaryň arasynda geçirilen «Sanly çözgüt — 2023» atly bäsleşigiň jemleri jemlener.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.