Türkmenistanda Ýaşlar baýragyna dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek dowam edýär

Ýazylan

Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň şäher we welaýat geňeşleri Ýaşlar baýragyna dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmegini dowam etdirýär.

Gatnaşmak üçin edebiýat, sungat, medeniýet, ylym we tehnologiýa, lukmançylyk, sport, oba hojalygy hem-de beýleki ugurlarda djemgyýetçilik çärelerinde möhüm üstünlikleri, döredijilik we zähmet işjeňligini görkezen 16 — 35 ýaş aralygyndaky ýaş raýatlar çagyrylýar. Bu baýragy ozal almadyk ýaşlar baýrak üçin ýüz tutup bilerler.

Dalaşgärleriň resminamalary Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, şeýle hem ýurduň welaýatlaryndaky geňeşleri tarapyndan 15-nji sentýabra çenli kabul edilýär we gözden geçirilýär.

Gatnaşmak isleýänler aşakdaky resminamalary bermeli: 3x4 ölçegdäki 6 sany surat; pasportyň göçürmesi; diplomlar; Hormat hatlary, metbugatda çap edilen döredijilik eserleri, telewizion çykyşlaryň ýazgylary; iş ýa-da okuw ýerinden häsiýetnama; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna agzalyk şahadatnamasy.

Baýraga dalaşgärler ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet edaralarydyr kärhanalar, jemgyýetçilik we döredijilik guramalary, ylym-bilim, saglygy goraýyş, ýokary we orta hünär bilim edaralary, şeýle hem metbugat tarapyndan hödürlenip bilner.

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragy her ýyl ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmakda aýratyn tapawutlanýan hem-de Watanymyzyň ösüşine şahsy goşant goşýan zehinli we ukyply ýaşlara berilýän ýokary baýrakdyr.

Bu çäre barada jikme-jik maglumat TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň web sýatynda ýerleşdirildi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-88-55.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.