AŞTU “Smart Goldaw” habar beriş howpsuzlyk we gözegçilik hyzmatyny ýola goýdy

Ýazylan

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) “Uly Gaýa” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde habar beriş howpsyzlyk we gözegçilik ulgamynyň “Smart Goldaw”täze hyzmatyny girizdi. Bu barada AŞTU habar berdi.

“Smart Goldaw” habar beriş howupsyzlyk we gözegçilik ulgamynyň tehniki enjamlaryň esasy toplumy dolandyryş enjamlaryny, hereketleri belleýji we derwezeleri, gapylary we penjireleri açmak üçin gözegçilik ediji magnit-kontakt gurluşlardan (datçikler), durýar.

Bu hyzmatyny birikdirmek bilen müşderiler jaýyň gapysynyň, penjiresiniň açylyp-ýapylmagy, desganyň içinde ýa-da töwereginde hereketleriniň emele gelmegi, ýangyn howupsyzlygy, suw akmasy, gaz syzdyrmasy ýaly habarlary dessine el telefonyna ýa-da stasionar gurluşyna kabul edip bilerler.

Hyzmat üçin her aý müşderi tölegi – 50 manat.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.