Türkmenistan wekiliýeti Filippinler Respublikasynda birnäçe duşuşyklary geçirdi

Ýazylan

2-nji awgustda Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna eden saparynyň çäginde Manilada Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Filippinler tarapyna Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN işleri boýunça sekretarynyň orunbasary Mariýa Tereza Lazaro ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli möhüm ugurlary, şol sanda syýasy we diplomatik gatnaşyklar, söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem taraplar sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýän ýokary derejede yzygiderli aragatnaşyk saklamagyň möhümdigini bellediler. Geňeşmeleri dowam etdirip, türkmen-filippinler gatnaşyklaryny ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, parlamentara gepleşikleriň has-da güýçlendirilmegi barada umumy pikirler aýdyldy.

Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek meselesi barada hem pikir alyşdylar, şunda diplomatlar energiýa, ulag we logistika, oba hojalygy we ş.m. pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Filippinler Respublikasynyň daşary işler sekretary Enrike Manalonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşlikde söwda, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn özara peýdaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky bellenildi.

Gepleşikleriň netijesinde «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna» gol çekildi.

Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna eden saparynyň çäginde Türkmenistan wekiliýeti bilen Filippinler Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti Jude Aguliaryň arasynda hem duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-filippinleriň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özara hormat, ynam hem-de deňhukuklulyk ýörelgelerine esaslanýandygyny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.