Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Ýazylan

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek, tekizlemek, bugdaý tohumlaryny, ekişde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, gowaçanyň ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Güýzlük ýeralmany ekmek bilen bir hatarda, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiş möwsümine hem taýýarlyk görülýär. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, R.Hojagulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara, ammarlara daşamak hem-de ýerleşdirmek boýunça işler dowam edip, bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl, hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň bugdaý oragyndan boşan meýdanlaryny sürmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk üpjünçiligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, güýzki möwsüm üçin ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine welaýatdan jemgyýetçilik wekilleriniň guramaçylykly gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak maksady bilen, bugdaýy galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara ýitgisiz daşamak boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär, bugdaý tohumlary taýýarlanylýar. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyk işleri doly geçirildi. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şu ýylyň güýzki möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine welaýatdan jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, S.Soltanmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi hem-de ony Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Häkim özüne bildirilen uly ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny dowam edip, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory wezipesinde işleýän D.Babaýewi Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.

D.Babaýew özüne jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, bu wezipede ak ýürekden zähmet çekjekdigine, ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz täze wezipä bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, resminamalara gol çekdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara ýitgisiz daşamak hem-de ýerleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri bugdaý ekişine taýýarlamak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda topragy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, sürmek, tekizlemek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ekiş möwsümine çenli önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar doly geçirildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, şaly ekilen meýdanlarynda bolsa ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň güýzki ekişini talabalaýyk geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ş.Amangeldiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işleýän M.Annanepesowy belledi.

M.Annanepesow bildirilen uly ynam üçin hoşallyk bildirip, täze wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz O.Berdiliýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä T.Amanowany belledi hem-de ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz resminamalara gol çekip, täze wezipä bellenen ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan galla hasylyny kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar doly geçirilip, hyzmat ediji edara-kärhanalaryň ýerine ýetiren işleri boýunça hasaplaşyklar dowam etdirilýär. Geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, A.Orazowany Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Ç.Akyýewany belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, täze wezipä bellenen ýolbaşça üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewe söz berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçilik we tohumçylyk işini dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda bu ylmy-barlag institutlarynda gowaçanyň, bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli tohumlaryny öndürmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak maksady bilen, zerur işler dowam etdirilýär. Şeýle hem Döwlet ýer kadastryny ýöretmek boýunça işleriň çäklerinde zerur bolan tehnikalar, enjamlar bilen üpjün etmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyndaky özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, pudakda önümçilik-ykdysady gatnaşyklary has-da kämilleşdirmek, önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň we gant şugundyrynyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Oba hojalyk pudagyny dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak, olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň binýadynda “Türkmenpagta” döwlet konserni, “Türkmengallaönümleri”, Türkmenistanyň Azyk senagaty, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleri, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň garamagynda Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk we Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlary, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezi döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlan, sebitde ýeke-täk “akylly” şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde Oba hojalyk pudagynyň edara binasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy açylyp ulanmaga berildi.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi. “Gaplaňgyr” we “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanalary, “Repetek” döwlet biosfera goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistan Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip barýan görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşuldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek, olaryň tutanýerli, öndürijilikli işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek, öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary netijesinde, şu ýyl bereketli türkmen topragyndan jemi 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly, 2 müň 150 tonnadan gowrak pile hasyly ýygnalyp, uly zähmet ýeňşi gazanyldy.

Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, ýurdumyzyň howdanlaryna suw toplamak, derýalaryň kenarlaryny berkitmek hem-de suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär. Diýarymyzda şu ýylda ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak üçin hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak, olary ýerleşdirmek boýunça zerur işler dowam etdirilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş nokatlaryny, pagta ýygýan kombaýnlary pagta ýygymy möwsümine, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary we ekijileri bugdaý ekişi möwsümine taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda behişdi ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, olary talabalaýyk idetmek, tohum arassalygyny gorap saklamak ugrunda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda geljek ýylda bugdaýyň, güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda bu ekinleriň ekişine başlamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowa söz berildi. Ol oba hojalyk pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagy mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan pudaga ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň karz serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Şu babatda berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde kiçi we orta telekeçilige ýeňillikli bank karzlaryny bermek, hususy önüm öndürijilere tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin karzlary bermek babatda görkezijiler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde bu pudagy toplumlaýyn ösdürmek, onuň düzüm birlikleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk ministrliginiň däneçilik, ekerançylyk we pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezi açyldy. Bu bolsa ekinleriň täze sortlaryny döretmäge, tohumçylyk işini kämilleşdirmäge uly mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Oba hojalyk ministrliginiň binýadynda gallaçylyk, pagtaçylyk, maldarçylyk we guşçulyk, azyk senagaty, oba hojalygynyň tehniki taýdan hyzmat ediş ugurlary boýunça täze pudaklaýyn dolandyryş edaralary döredildi. Daýhanlarymyz tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, tohum, himiki serişdeler bilen ýeterlik üpjün edilýär. Tabşyrylýan önümler üçin wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär. Bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýylyň hasylyndan başlap, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Ýurdumyzyň oba hojalyk zähmetkeşleriniň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz geçirilýän bu çäreleriň netijesinde edermen daýhanlarymyzyň uly üstünlikleri gazanýandyklaryny, şu ýyl olaryň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, 2 müň 150 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny, gowaçanyň hem bol hasylynyň ýetişdirilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasaryna, degişli ýolbaşçylara hem-de welaýat häkimlerine ýüzlenip, pudagyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, maddy-tehniki binýadyny, önümçilik, hojalyk işlerini yzygiderli seljerip durmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy, olaryň durkuny täzelemek we täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmegi, önümiň, ýerine ýetirilýän işleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmegi, oba hojalyk ylmy-barlag institutlary tarapyndan bugdaýyň, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyny gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz pudakda halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň görnüşleriniň we öndürilýän möçberiniň artdyrylmagy, döwlet tarapyndan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk, netijeli ulanylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagy, ýurdumyzyň suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça işleriň durmuşa geçirilmegi, suw ulgamynyň ýagdaýynyň seljerilmegi we olary gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmegi babatda görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmegiň we arassalap durmagyň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şorlaşmagyna garşy göreşmegiň, zeýkeşleri arassalamak işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň özboluşly ekoulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmegi, maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda işleri dowam etdirmegi, atçylygy ösdürmäge uly üns berip, atlaryň baş sanyny köpeltmegi, bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esasda guramagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň welaýatlarda öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmeginiň, sebitlerde desgalaryň we binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna, hiline berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylynyň hem ýetip gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky mekdeplerde abatlaýyş işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp halkara maslahatyň geçiriljekdigini belläp, oňa gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.