Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

Ýazylan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag önümçilik toplumlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we binalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen içgin tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guruljak binalaryň we kärhanalaryň taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.