Türkmenistanyň Prezidenti ilçileri wezipä bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi

Ýazylan

Türkmenistanyň Prezidenti ilçileri wezipä bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi:

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Babaýewiç Kömekowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kipr Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) wezipesine bellemeli.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.