Türkmenistan — Gyrgyzystan: hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýazylan

24-25-nji iýul aralygynda Çolpon-Ata şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri A.Saparow, Gyrgyzystanyň wekiliýetine Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, suw hojalygy, oba hojalygy we gaýtadan işlenýän senagat ministri B.Torobaýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti nygtaldy.

Taraplar energetika, oba hojalygy, medeniýet, syýahatçylyk we sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň zerurlygyny bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň soňky dört ýylda 7 esse artandygyny tassykladylar we mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisiniň netijeleri boýunça Jemleýji Teswirnama gol çekildi we 2025-nji ýylda Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny import etmek baradaky gol çekilen resminamalary alyşmak dabarasy geçirildi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.