Ýazylan
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýet Pakistan Yslam Respublikasynda saparda bolýar. Saparyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşykda syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahboz Şerif bilen hem duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda energiýa, ulag-aragatnaşyk we söwda pudaklarynda bilelikdäki alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, taraplar ýakyn wagtda döwlet hem-de hökümet derejesinde boljak saparlaryň çäginde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalary taýýarlamak bilen bagly alnyp barylýan işleriň işjeňleşdirilmegi barada ylalaşdylar.