Ýazylan
"Türkmengaz" döwlet konserniniň ýolbaşçylary we BAE-niň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, Abu Dabi milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerini gözden geçirdiler.
Hususan-da, şenbe güni 20-nji iýulda wideo aragatnayşygy arkaly geçirilen gepleşiklerde Galkynyş gaz känini özleşdirmek we ADNOC-nyň Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan halkara energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki gatnaşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.
ADNOC-nyň 2023-nji ýyldan bäri gaz pudagynda iş alyp barmakda halkara ülňülerine we tejribesine laýyklykda "Türkmengaz" döwlet konserni bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi bellendi.
Wideo duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen we emirlik taraplary hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we onuň hukuk esaslaryny berkitmek, durmuşa geçirilýän taslamalar bilen baglanyşykly käbir ykdysady we tehnologiki taraplary göz öňünde tutmak isleýändiklerini tassykladylar.
2024-nji ýylyň başynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-ne amala aşyran iş sapary wagtynda, "Türkmengaz" döwlet konserni we ADNOC Galkynyş gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmek boýunça bilelikde işlemek islegini görkezýän özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Ýangyç we energetika pudagynda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň hukuk esaslary, "Türkmengaz" döwlet konserni bilen ADNOC-nyň arasynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk Ähtnamasy bilen baýlaşdyryldy, bu taraplaryň atmosfera metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ylmy, tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek isleýändigini mälim etdi.