Dünýäniň öňdebaryjy aragatnaşyk kompaniýalary “Türkmentel-2023” sergisine gatnaşarlar

Ýazylan 11.08.2023

Daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalarynyň 20-den gowragynyň wekilleri telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly 16-njy halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşarlar.
Şolaryň hatarynda, Hytaýyň “Huawei”, “Hytera”, Türkiýäniň “Mia Teknoloji” we “PTT” ABŞ-nyň “DHL”, “Motorola Solutions”, Gyrgyzystanyň “Kyrgyz poçtasy”, “Kyrgyztelekom”, Russiýanyň “Rostelekom”, “MTT”, Azerbaýjanyň “Delta Telecom”, “Azer Telecom”, Finlýandiýanyň “Nokia”, Fransiýanyň “Eutelsat”, Ýaponiýanyň “NEC”, “Trend Micro”, Gazagystanyň “Kazahtelekom” we “GSMA” Halkara mobil aragatnaşyk operatorlarynyň assosiasiýasy bar.
Bu kompaniýalaryň her biri Aşgabatda geçiriljek sergide özleriniň gazanan üstünliklerini, türkmen ykdysadyýeti üçin amatly telekommunikasiýalar hem-de maglumatlary ýaýratmak pudagynda bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri tanyşdyrarlar.
Ýokarda ady agzalan kompaniýalar sebitde we dünýäde hem-de öz ýurtlarynda aragatnaşyk babatda öňdebaryjylar hasaplanylýar. “Türkmentel-2023” sergisi 9-10-njy noýabrda iki gün geçiriler.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.