Ýazylan
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Nguýen Fu Çonguň aradan çykmagy zerarly Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti To Lama we ýurduň ähli halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.
“Nguýen Fu Çong görnükli partiýa ýolbaşçysy we döwlet işgäri bolmak bilen, Wýetnamyň abadançylygy we gülläp ösmegi ugrunda uly işleri bitirdi” diýlip, hatda bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.