Ýazylan
19-njy iýulda Aktau (Gazagystan) şäherinde geçirilen Birinji «Demirgazyk-Günorta» söwda-logistika forumynyň çäginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag toplumynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habarynda aýdylyşy ýaly, bu ýerde üç döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň ulag pudagyndaky mümkinçiliklerini giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar Pakistana çykalganyň elýeterliligini üpjün edýän Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan ugry boýunça haryt daşamagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde bolsa ýokarda agzalan üçtaraplaýyn duşuşykda türkmen-owgan serhedinden Hyrat şäherine (Owganystan) demir ýol gurmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegine türkmen, owgan we gazak taraplarynyň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.
Gepleşikleriň dowamynda «Gazagystan — Türkmenistan — Owganystan» ulag ýolunyň «Demirgazyk — Günorta» üstaşyr geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýandygy, onuň netijeli ulanylmagynyň başlangyç tapgyrda 5-den 8 million tonna çenli, geljekde bolsa 20-den 30 million tonna cenli haryt daşamagy üpjün etjekdigi tassyklandy.