«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň 2-nji mejlisi geçirildi

Ýazylan

Sişenbe güni — 16-njy iýulda Aşgabatda «Türkmenistan — BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.

Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen mejlisiň gün tertibinde BMG-niň Baş Sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine seredildi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Karanamasyny durmuşa geçirmek boýunça Watanymyzda we daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Antoniu Guterrişiň bu saparynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyndaky aýratyn ähmiýeti bellendi, gatnaşyjylar gazanylan netijeleriň hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirip öňa täze itergi berjekdigini bellediler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky ylalaşyk esasynda halkara jemgyýetçiliginde parahatçylykly dialog medeniýetini ösdürmek boýunça çäreleri dowam etdirmegi aňladýan 78/266 belgili Kararnama kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu Kararnamanyň bilelikde hereket etmek üçin meýdança hökmünde çykyş edýändigi tassyklanyp, ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly çözülmegine hem-de döwletleriň arasyndaky ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin möhüm ädimi emele getirjekdigi bellendi. Bu barada Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.